Menü

27.11.2025
Howa Maglumaty

Ýyldyrym nädip gögi gürledýär?

Ýyldyrym — bulutlaryň arasynda ýa-da bulut bilen ýer arasyndaky elektrik zarýadynyň güýçli boşanmasy netijesinde dörän ýagtylyk hadysasydyr.
Ýyldyrym nädip gögi gürledýär?

Onuň dörän pursadynda birnäçe müň amperlik tok akymy, million wolta çenli elektrik güýji peýda bolýar. Şeýle güýçli energiýanyň az wagtdaky boşanmasy asman ýüzünde ýalpyldap görünýän ýagtylygyň emele gelmegine sebäp bolýar.

Gögiň gürlemegi bolsa ýyldyrymyň netijesinde howanyň gaty gyzmagy bilen bagly ses hadysasydyr. Ýyldyrym geçýän ýerinde howa birnäçe müň gradusa çenli gyzýar. Bu ýokary temperatura howany birden giňelmäge mejbur edýär. Şol giňelme güýçli titreme döredýär we bu titremeler ses tolkunlary görnüşinde ýaýrap, gulagymyza gök gürlemesi ýaly eşidilýär. Şeýlelikde, ýyldyrym — ýagtylyk hadysasy, gögiň gürlemegi bolsa — ses hadysasydyr.

Ýagtylygyň tizligi sesden has uly bolany üçin, ýyldyrymyň ýagtylygyny ilki görýäris, soňundan bolsa gök gürlemesini eşidýäris. Bu aralyk ýyldyrymyň bizden näçe aralykda döränini hem takmynan hasaplamaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, ýyldyrym bilen gürlemegiň arasynda 3 sekunt aralyk bar bolsa, ol takmynan 1 km uzaklykda döräpdir diýmekdir.

Ýyldyrymyň tebigat üçin peýdasy örän ulydyr. Ol howadaky azot bilen kislorody birleşdirip, ösümlikler üçin zerur bolan azotly birleşmeleri döredýär. Bu birleşmeler topraga siňip, tebigy dökün hökmünde peýdalanylýar. Şeýlelikde, ýyldyrym biosfera üçin möhüm himiki öwrülişi üpjün edýär. Mundan başga-da, ýyldyrym wagtynda döreýän güýçli elektromagnit tolkunlar ýer ýüzüniň elektrik deňagramlylygyny saklamaga kömek edýär.

Adamzat üçin bolsa ýyldyrym ylmy taýdan uly ähmiýetli bolupdyr. Onuň fiziki kanunalaýyklygyny öwrenmek arkaly elektrik togunyň häsiýetleri açylypdyr, häzirki zaman elektrik enjamlarynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň we himiki tehnologiýalaryň ösüşine ýol açylypdyr. Şeýle-de ýyldyrym we gögiň gürleýşi diňe bir tebigatyň gudratly keşbi däl, eýsem adamzat üçin ylmy taýdan öwrenilýän we peýdaly hadysalaryň biridir.

Çap edildi: 27.11.2025 18:28

Çeşmeler: