Menü

29.05.2026
Howa Maglumaty

Ýewropada maý aýynyň rekord yssysy

Ýewropa ýurtlarynda maý aýy üçin taryhy rekord yssy howa hasaba alyndy. Irlandiýa, Belgiýa, Beýik Britaniýa we Fransiýada termometrler iň ýokary görkezijileri görkezdi.
Ýewropada maý aýynyň rekord yssysy hasaba alyndy!

Ýewropanyň birnäçe döwletinde şu günler maý aýy üçin taryhyň iň ýokary howa temperaturalary hasaba alynýar. EFE halkara habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, anomal yssy howa akymy sebäpli käbir ýurtlarda köp ýyllyk meteorologik rekordlar täzelendi.

Irlandiýada we Belgiýada taryhy görkezijiler

Irlandiýanyň Karlou şäherinde howanyň temperaturasy +29,7 gr dərəjeye çenli ýokarlandy. Bu görkeziji ýurtda meteorologik gözegçilikleriň başlanan gününden bäri maý aýynda hasaba alnan iň ýokary gyzgynlyk boldy. Ýerli sinoptikler howanyň yssylygy sebäpli emele gelip biljek saglyk kynçylyklary we tokaý ýangynlarynyň howpy zerarly penşenbe gününe çenli ýurtda "sary" derejeli howp yglan etdiler.

Belgiýada bolsa howanyň gyzgynlygy soňky 40 ýylyň içinde ilkinji gezek +29,8 gr derejä ýetdi. Mundan öňki iň ýokary görkeziji 1985-nji ýylda +29,1 gr hökmünde hasaba alnypdy.

Londonda 1922-nji ýylyň rekordy döwüldi

Anormal yssy howa Beýik Britaniýanyň paýtagtyna hem täsir etdi. Londonda howanyň gyzgynlygy +35 gr-a çenli ýokarlandy. Şäherde maý aýy üçin mundan öňki iň ýokary görkeziji mundan 104 ýyl ozal, ýagny 1922-nji ýylda (+32,8 gr) hasaba alnypdy we şondan bäri bu derejä ýetilmändi.

Fransiýada howanyň temperaturasy +39 gr-a ýeter

Çäkden çykan yssy howa Fransiýada hem dowam edýär. Ýerli sinoptikleriň çenlemelerine görä, ýakyn günlerde howanyň şertleri gowulaşmajak ýaly görünýär. Ýurduň käbir sebitlerinde gyzgynlygyň +39 gr dərəjeye çenli ýorlamagyna garaşylýar.

Hünärmenler we alymlar Ýewropada ir başlan bu anomal yssylygyň we guraklygyň global howa üýtgemeleri hem-de taryhy atmosfera basyşlarynyň netijesidigini mälim edýärler.

Çap edildi: 29.05.2026 19:03

Bellikler:

Çeşmeler: