Türkmenistan howa çaklamasynda fin tehnologiýalaryny öwrenýär
Türkmenistan meteorologiýa, geologiýa we ekologik gözegçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça halkara tejribäni öwrenýär.
Çap edilen senesi
Aşgabatda geçirilen ýöriteleşdirilen seminar Finlandiýanyň döwrebap sanly çözgütlerini, howa çaklama ulgamlaryny we geologik maglumatlary dolandyrmagyň täze usullaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Meteorologiýa we ekologik gözegçilikde täze mümkinçilikler
«Türkmenistanyň ekoulgamyny ösdürmekde döwrebap innowasiýalar» atly klimat we eko-geologik seminara Türkmenistanyň degişli hünärmenleri bilen birlikde Finlýandiýanyň Geologiýa gullugynyň we Fin meteorologiýa institutynyň wekilleri gatnaşdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň milli gidrometeorologiýa we geologiýa gulluklarynyň işi, ulanylýan enjamlar, ýerasty baýlyklary gözlemek we öwrenmek boýunça tehnologiýalar barada maglumat berildi. Fin tarapynyň hünärmenleri bolsa klimat barlaglary, howa çaklamasy we howanyň hiline gözegçilik etmek boýunça öz tejribelerini hödürlediler.
Üns merkezindäki çözgütleriň biri meteorologiýa stansiýalaryndan, radarlardan we deňiz buýlaryndan gelýän maglumatlary gaýtadan işleýän SMART-Met sanly çaklama ulgamy boldy. Ulgamyň maglumatlary awtomatiki täzelemegi howa çaklamalaryny operatiw düzetmäge we howply meteorologik hadysalar barada duýduryşlary has çalt taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Merkezi Aziýa üçin irki duýduryş ulgamlary
Seminarda CAFIMET sebit taslamasyny taýýarlamak meselelerine hem aýratyn üns berildi. Bu başlangyç meteorologiýa we howanyň hilini öwreniş gulluklarynyň iş ýörelgelerini Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda sazlaşdyrmaga gönükdirilýär.
Taslama Merkezi Aziýanyň bäş döwletini öz içine almak bilen, ilaty we döwlet edaralaryny serhetüsti howanyň hapalanmagy, şeýle hem çägeli we duz-tozanly tupanlar ýaly howply howa hadysalary barada wagtynda habardar etmek mümkinçiliklerini kämilleşdirmegi maksat edinýär.
Taýýarlyk çäreleriniň Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň maliýe goldawy bilen başlanmagy meýilleşdirilýär. Bu ugur boýunça alnyp barylýan işler BMG-niň «Hemmeler üçin irki duýduryşlar» ählumumy başlangyjynyň maksatlary bilen hem sazlaşýar.
Geologik maglumatlary dolandyrmakda hyzmatdaşlyk
Türkmenistan bilen Finlandiýanyň arasynda ara alnyp maslahatlaşylan beýleki möhüm ugur geologik maglumatlary dolandyrmak we mineral serişdeleri kartalaşdyrmak bilen bagly.
Taraplar Merkezi Aziýada geomaglumatlary dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça, Ýewropa Bileleşiginiň we Finlýandiýanyň daşary syýasat edarasynyň goldawy bilen Finlýandiýanyň Geologiýa gullugy tarapyndan utgaşdyrylýan taslama barada hem pikir alyşdylar.
Bu ugurdaky başlangyçlar geologik maglumatlary toplamak, dolandyrmak we peýdalanmak boýunça döwrebap usullary ornaşdyrmaga, şeýle hem dag-magdan pudagynda serişdelerden has netijeli peýdalanmaga şert döredip biler. Önümçilik galyndylaryny gaýtadan peýdalanmak mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bolsa aýlawly ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşup biler.
Sanly maglumatlar ekologik dolandyryşyň binýady hökmünde
Fin hünärmenleriniň Türkmenistanyň degişli edaralaryna, şol sanda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugyna baryp görmegi hyzmatdaşlygyň diňe bir nazary maslahatlar bilen çäklenmeýändigini görkezýär.
Meteorologik maglumatlaryň sanly görnüşde ýygnalmagy we gaýtadan işlenmegi, howanyň hiline yzygiderli gözegçilik etmek, geologik maglumatlary döwrebap usullar arkaly dolandyrmak hem-de howply tebigy hadysalar barada irki duýduryş mümkinçiliklerini güýçlendirmek ekologik howpsuzlygyň möhüm bölekleridir.
Türkmenistan bilen Finlandiýanyň arasynda bu ugurlarda tejribe alyşmagyň ösdürilmegi milli meteorologiýa, geologiýa we ekologik gözegçilik ulgamlarynyň tehnologiýa taýdan kämilleşdirilmegine täze mümkinçilikleri açyp biler.