Menü

27.11.2025
Howa Maglumaty

Emeli intellekt ulgamy howa maglumatyny öwrenmekde ýakyndan ýardam berer

Emeli intellektiň (AI) sekuntda üýtgäp durýan howany ýokary takyklykda çaklap bilmek ukybyna eýedigi sebäpli, indi superkompýuterlere zerurlyk bolmaz.
Emeli intellekt ulgamy howa maglumatyny öwrenmekde ýakyndan ýardam berer

Emeli intellekt howa maglumatyny çaklaýyş programmasynyň döredijileri, güýçli superkompýuterlerde döretmek üçin birnäçe sagat ýa-da birnäçe gün gerek bolan adaty çaklamalar bilen deň derejä ýetip biljekdigini öňe sürýärler. 1950-nji ýyllardan başlap, howa maglumaty esasan emeli hemralardan, howa şarlardan we meteostansiýalardan maglumatlary seljerýän fiziki modellere salgylanýardy. San taýdan howa çaklamasy (NWP) diýlip atlandyrylýan bu hasaplamalar, uly gymmat superkompýuterleri ulanyp, möhüm hasaplaýyş çeşmelerini we energiýany talap edýär.

Ýakynda AI ulanyp, bu prosesi gowulandyrmak üçin tagalla edildi. Mysal üçin, Google gözlegçileri geçen ýyl howa modeliniň bölümlerinde çylşyrymly kody çalşyp, zerur hasaplaýyş güýjüni ep-esli azaldyp biljek AI guralyny döretdiler. Soňra “DeepMind” AI ulanyp, orta aralyk howa çaklamalary Ýewropa merkezi (ECMWF) tarapyndan geçen aý çaklama üçin emeli intellekt ulgamynyň işe girizilmegi bilen kabul edilen ähli çaklamany döretmek üçin AI-ni ulanyp, bu çemeleşmäni dowam etdirdi.

Şeýle-de bolsa, Emeli intellekti howa maglumaty çaklamasyna kem-kemden birikdirmek, adaty çaklama usullaryny aradan aýyrmady. Bu meseläni Kembrij uniwersitetinden Riçard Týorner özüniň täze modeli bilen çözmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Bilermenleriň bellemegine görä, bu amal hasaplaýyş çeşmeleriniň ýarysyny sarp edýär. Bilermenler ilkinji gezek çaklama we başlangyç etaplaryň ýerini tutýan Aardvark Weather atly ulgamy işläp düzdüler. Superkompýuterde adatça birnäçe sagat ýa-da birnäçe gün gerek boljak doly çaklamany döretmek indi “Aardvark” -da işleýän adaty iş stolunda bir sekuntda amala aşyrylyp bilner.

Aardvark näme?

“Aardvark”, 0,3 dereje kiçijik öýjükleri bolan ECMWF-iň ERA5 modelinden tapawutlylykda, 1,5 dereje öýjükleri bilen örtülen ýer üstündäki modelde işleýär. Mançester uniwersitetinden Deýwid Şulsyň pikiriçe, Aardvark-yň çylşyrymly we garaşylmadyk howa ýagdaýlaryny ýokary takyklykda çaklap biljkedigini aýdýar.

Týorner, siklon ýaly seýrek hadysalary ýüze çykarmakda Aardvark-yň bar bolan modellerden öňe geçip biljekdigini öňe sürýär. Týorner howa maglumatyny çaklaýan alymlaryň has takyk fiziki modelleri takyklamagyň geljegini göz öňünde tutýar, bu bolsa öz gezeginde AI ulgamlaryny netijelerini has çalt we netijeli köpeltmek üçin türgenleşdirýär. Käbirleri, Oksford uniwersitetiniň Nikita Gurýanow ýaly, AI-iň diňe synlaýyş we taryhy howa maglumatlary ulanyp, NWP mümkinçiliklerinden has ýokary howa çaklamalaryny öndürip biljekdigini çaklaýarlar. Ol: “Bu masştab we ugurtapyjylyk meselesi” — diýip belleýär.

Çap edildi: 27.11.2025 17:52

Bellikler:

Çeşmeler: