Menü

03.12.2025
Howa Maglumaty

Çölleşmä garşy göreşde ýurdumyzdaky milli taslamalar

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek, ýaşyl meýdanlary giňeltmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Çölleşmä garşy göreşde ýurdumyzdaky milli taslamalar

Türkmenistan giň çölleri, dag etekleri, derýa jülgeleri we dürli tebigy şertleri özünde jemleýän ýurt bolup, tebigy baýlyklarynyň goralmagy hem-de çölleşmä garşy göreş meseleleri döwlet ähmiýetli wezipeleriň biri hökmünde garalýar. Çölleşme diňe bir topragyň hasyllylygynyň peselmegi ýa-da ösümlik örtüginiň azalmagy däl, eýsem ekologiýa durnuklylygyna, oba hojalygynyň ösüşine we halkyň ýaşaýyş derejesine täsir edýän esasy meseledir. Şonuň üçin hem ýurdumyzda bu ugurda giň gerimli milli taslamalar, ylmy-barlag işleriniň hem-de ekologiýa meýilnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi häzirki wagtda hem aýratyn bellenilýär.

Her ýyl ählihalk bag ekmek çäreleri çölleşmä garşy göreşiň möhüm halkasyna öwrüldi. Bu çäreleriň dowamynda müňlerçe dürli şahaly we saýaly bag nahallary ekilip, täze tokaý massiwleri döredilýär. Şeýlelikde, halkyň tebigata bolan söýgüsi we jogapkärçiligi artýar, giň meýdanlarda tebigaty goramak babatda täze şertler emele gelýär.

Çölleşmä garşy göreşde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň hem aýratyn orny bar. Ýurdumyzda ýerleriň suwlulygyny ýokarlandyrmak, ekin meýdanlaryny suw bilen doly üpjün etmek maksady bilen täze suw akabalary, kanallar, suw howdanlary gurlup, bar bolan desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagy bökdençsiz dowam edýär.

Oba hojalygynda topragyň gurplulygyny ösdürmäge gönükdirilen ylmy-tehnologiki usullar giňden ulanylýar. Hasylsyz topraklary dikeltmek boýunça ylmy merkezler, tajribehanalar döredilip, topraklaryň mineral we biologik özboluşlylygy yzygiderli öwrenilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde ekologik taýdan durnukly usullaryň ulanylmagyna şert döredýär.

Türkmenistanyň milli tokaý fonduny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler hem çölleşmä garşy göreşiň möhüm bölegidir. Garagum çölünde, beýleki ýerlerde hem dürli çydamly bag görnüşleri oturdylýar. Bu baglar diňe bir topragy berkidip, çölleşmäniň emele gelmeginiň öňüni almak bilen çäklenmän, eýsem tebigy bioýaraglygyň ýokarlanmagyna hem uly täsir edýär. Ösümlikleriň köpelmegi bilen haýwanat dünýäsi hem dikeldilýär, tebigy deňagramlylyk berkeýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ekologik syýasatyň döwrebap nusgasynyň döredilmegi, halkara ekologik guramalar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem çölleşmä garşy göreşiň üstünlikli alnyp barylmagyna kömek edýär. Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistan halkara ekologik başlangyçlara işjeň gatnaşýar, sebitdäki durnukly ösüş taslamalarynyň amala aşyrylmagyna öz mümkinçiliklerini goşýar. Tebigaty goramak baradaky halkara şertnamalar ulgamyna goşulmak we olaryň ýerine ýetirilişine jogapkärçilik bilen çemeleşmek bolsa häzirki döwürde möhüm ugurlaryň biridir.

Çölleşmä garşy göreş-diňe bir döwlet öňündäki wezipe bolman, eýsem jemgyýetiň, ýaşlaryň we her bir raýatyň borjudyr. Häzirki wagtda mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda ekologiýa baýramçylyklary, bag ekmek çäreleri, arassaçylyk günleri yzygiderli geçirilýär. Bu çäreler ýaşlarda tebigata bolan söýgini, ony goramak baradaky pikirleri ösdürýär hem-de geljek nesliň bu meselede jogapkärli bolmagyna getirýär.

Çölleşmä garşy alnyp barylýan milli taslamalar ýurdumyzyň ekologiýa durnuklylygyny berkitmäge, topraklaryň hasyllylygyny dikeltmäge, ýaşyl zolaklary ösdürmäge hem-de halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Tebigaty goramak — geljegi goramakdyr. Şonuň üçin bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň abadançylygynyň, ekologik arassalygynyň we durnukly ösüşiniň berk binýadyny döredýär.

Şalyýewa Keýik,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby

Çap edildi: 03.12.2025 17:55