Baş sahypa Blog Arkadag şäherinde 50 müň düýp bag nahaly ekildi

Arkadag şäherinde 50 müň düýp bag nahaly ekildi

Arkadag şäherinde güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär. Şäher açylan gününden bäri onuň çäginde jemi 50 müň düýp bag nahaly oturdyldy.

Çap edilen senesi

Arkadag şäherinde 50 müň düýp bag nahaly ekildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine nobatdaky saparynyň dowamynda şäheriň abadanlaşdyrylyşy we güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleri barada maglumat berildi.

Güýzki möwsümde ýene 5 müň bag ekiler

Şäheriň häkimi G. Mämmedowanyň habar bermegine görä, Arkadag şäheri açylan döwründen bäri 50 müň düýp bag ekildi.

Şol sanda şu ýylyň ýazky bag ekmek möwsüminde 5 müň düýp bag nahaly oturdyldy. Güýzki möwsümde hem ýene 5 müň düýp bag ekmek meýilleşdirilýär.

Bag ekmek işleri şäheriň abadanlaşdyrylmagyna we onuň ýaşyl zolaklarynyň giňeldilmegine gönükdirilýär.

Ýurtda millionlarça bag ekilýär

Türkmenistanda bag ekmek we ýaşyl zolaklary giňeltmek boýunça işler her ýyl dowam etdirilýär. Habar berlişine görä, geçen ýyl ýurduň ähli künjeginde 3 milliondan gowrak bag nahaly ekildi.

Arkadag şäherindäki bag ekmek işleri hem bu giň gerimli abadanlaşdyryş çäreleriniň dowamydyr.